Arzuwlar hasyl bolýar

1 gün öň
39

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde oba-şäherlerimizdäki baş arçalaryň daş-töwereginde baýramçylyk dabaralary guralyp, il-ulsuň şatlygyna şatlyk goşýar. Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki baş arçanyň ýanyndaky şatlykly aýdym-sazly çykyşlaryň hem arasy üzülmeýär.

Mekdebimiziň höwesjeň ýaşlary üçin bu günler aýratyn ýakymly. Olar dabaralarda aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş edip, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hezil berýärler. Şonuň bilen birlikde ýaşlar halypalaryň beren bilimlerini näderejede özleşdirendiklerini, kämillikde öz ýeten sepgitlerini barlap görýärler hem-de zehinlerini synagdan geçirýärler. Mekdebimizde ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapakdan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler yzygiderli guralyp durulýar welin, ýöne köpçüligiň arasynda çykyş edip, tomaşaçylaryň hormat-sarpasyny, hoşallygyny gazanmak ýaşlarymyzyň kämillik basgançaklaryny üstünlikli özleşdirmeklerine has güýçli täsirini ýetirýär.

Maýa DÖWLETOWA,
Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar