Belent sepgitler bilen aýdyň geljege

1 gün öň
38

Ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklary, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bilşimiz ýaly, saglygy goraýyş ulgamy jemgyýetiň iň wajyp sütünleriniň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir döwletiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň, maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk merkezleri dürli keselleriň irki döwürde anyklanmagyna, şeýle hem ýokary derejeli bejergi almaga şert döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem ençeme işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Toty JOMARTOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar