Şanly ýylyň şanyna

1 gün öň
48

Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýatdan çykmajak wakalara, şatlykly pursatlara baý ýyllaryň biri boldy. Akyldar şahyryň döredijiligi ýurdumyzda we daşary döwletlerde giňden wagyz edilip, Magtymguly atamyzyň belent ruhda ýaňlanýan şygyrlary dost-doganlyk, ynsanperwerlik, goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň ýol açdy. Şeýle belent üstünliklerden ruhlanyp, bosagamyzda duran täze, 2025-nji ýyl Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä ýüzünde uly goldaw tapýandygyny görkezip, halkara abraýynyň dünýä içre dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Nesip bolsa, 2025-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy hem giňden bellenilip geçiler.

Şanly ýylymyzyň şeýle taryhy wakalaryndan ruhlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Uly ruhubelentlige beslenen dabarada üstümizdäki ýylyň dowamynda ýokary harby okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, serkerdeleriniň, harby gullukçylarynyň hem-de harby talyplarynyň medeniýetde, sungatda, ylym-bilimde, sportda, harby türgenleşiklerde gazanan üstünlikleri nazara alnyp, olaryň atlary buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem ýokary harby okuw mekdebiniň geljek ýylda öňünde durýan wezipeleri barada nygtalyp geçildi.

Saparmyrat GODANOW,
TGM-niň Harby-deňiz institutynyň harby gullukçysy, podpolkownik.
Beýleki habarlar