«Asman» mebellerine isleg artýar

1 gün öň
52

Welaýatymyzyň hususyýetçileri Täze ýyly zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylaýarlar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki mebel önümlerini öndürýän «Asman» hususy kärhanasyny hem görkezmek bolar.

— Döwrebap önümçiligimiz 2015-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Bu ýerde ilatyň ösen isleglerine laýyklykda mebel önümleriniň dürli görnüşi taýýarlanylýar. Hil derejesi ýokary bolan önümlere hyrydarlaryň sany hem günsaýyn artýar. Tamamlanyp barýan ýylda ilatyň hem-de edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda mebelleriň onlarça görnüşini öndürdik. Önümçilik bölümlerinde Türkiýe döwletinden getirilen kämil enjamlary oturtdyk. Bu bolsa ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän agaç hem-de aýna mebel önümlerini — aşhana we otag mebellerini, gapylary, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalara niýetlenilen mebelleri, ýatalgalary öndürmäge şert döretdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Alişir Resulow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Şanazar ROZYGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar