Ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan gymmatlyk

1 gün öň
43

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda uly üstünlikler gazanylyp, döwrebap, kämil ösüşlere eýe bolunýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň täze belentliklerine götermek babatdaky taýsyz tagallalary bilen berk baglanyşyklydyr. Medeni-ruhy ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde, medeniýet we sungat işgärleriniň öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmekde üstünlikli dowam etdirilýän maksatnamalaýyn tutumlar üstünlikleriň gözbaşydyr. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryndan ugur alnyp guralýan medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini artdyryp, medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga ýardam berýär. Özboluşly ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun almagy hem ulgamy ösdürmekdäki giň gerimli aladalaryň ajaýyp miweleridir.

Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygymyz egsilmezdir.

Töre NURNYÝAZOW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň usulçysy.
Beýleki habarlar