«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024
Türkmen halk döredijiliginiň hereketli we sözli görnüşi bolan küştdepdileriň döreýşi öz gözbaşyny taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýtmak bilen, biziň häzirki ajaýyp zamanamyzda bu täsin sungat ýurdumyzda geçirilýän toýdur-baýramlaryň bezegine öwrüldi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, bu halk döredijilik görnüşiniň ýerine ýetiriliş ornunyň çägi has hem giňedi. Küştdepdi häzir ýurdumyzda tutulýan ýokary derejedäki toýlaryň bezegine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda geçirilýän döwlet derejesindäki konsertlerde küştdepdiler uly şowhun bilen ýerine ýetirilýär. Küştdepdiniň ýerine ýetirilişi öňki döwürlerde ýeke depim, üç depim görnüşlerinde bolan bolsa, häzirki günlerimizde onuň dürli sazlaşykly depimleri ýüze çykdy we olar sahnada tansçylarymyz tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilýär. Öňki döwürlerde ýerine ýetirijileriň sany iki-üç adamdan, on-ýigrimi adama çenli bolan bolsa, häzirki döwürde açyk meýdanlarda tutuş toparlar küştdepdiniň ýerine ýetirijileri bolup çykyş edýärler. Bu bolsa küştdepdiniň hereketli tans hökmünde barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.