Bilim ulgamynda robototehnikanyň tutýan orny

19 Dekabr 2024
66

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň hem-de tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, bilim edaralarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde okatmagyň täze usullarynyň döremegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem ýokary hem-de orta mekdeplerde we beýleki bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýýar. Ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň baş maksady okatmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň öwrenýän derslerini çuňňur özleşdirmeklerini gazanmakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda beýleki täze ugurlar bilen bir hatarda robototehnika ugruna üns has hem güýçlendi.

Robototehnika barada düşünje

Döwletjan BABAJANOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk institutynyň “Takyk bilimleri” fakultetiniň fizika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar