SIMSIZ TEHNOLOGIÝALARYŇ HÄZIRKI ZAMAN DEREJESI Li-Fi tehnologiýasynyň mümkinçilikleri

21 Dekabr 2024
87

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýy barha artýar. Bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ynsanperwer we takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesi netijeli häsiýete eýe bolýar. Simsiz aragatnaşyk – häzirki zaman enjamlarynyň iň möhüm funksiýalarynyň biri bolup, ol maglumatlary tiz, ygtybarly, tygşytly geçirmäge gönükdirilendir. Li-Fi tehnologiýasy hem simsiz aragatnaşygyň täze görnüşleriniň biridir.

Li-Fi – bu näme? Li-Fi «Light fidelity» sözleriniň gysgaldylan görnüşi bolup, ýagtylygy maglumat geçirmek üçin ulanýan simsiz aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Ol ýagtylyk aragatnaşyk ulgamy bolup, maglumaty ýokary tizlik bilen görünýän ýagtylygyň, ultramelewşe we infragyzyl spektriň üsti bilen geçirýär. Has ýönekeý sözler bilen aýdylanda, Li-Fi maglumat geçirmek üçin radiotolkunlarynyň ýerine ýagtylygy (optiki spektri) ulanýan, ýagtylyga esaslanýan Wi-Fi hasaplanýar. Li-Fi tehnologiýasy häzirki wagtda dünýäniň köp sanly aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan işlenip düzülýär. Ol Edinburg uniwersitetiniň takyk ylymlarynyň doktory Harald Haasyň «TED Talk Global 2011» konferensiýasynda eden çykyşynda «Li-Fi» adalgasyny döretmegi bilen meşhurlyga eýe boldy. Haasyň gözlegleri optiki simsiz aragatnaşyk, gibrid optiki simsiz we radio ýygylyk (RF) aragatnaşyk, giňişlik modulýasiýa hem-de simsiz torlarda päsgelçilik utgaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şondan soň VLC-de (Visible Light Communication) geçirilen gözlegleriň we ýokary tizlikli aragatnaşyk yşyklandyryşyň ähmiýeti dünýä belli boldy.

Şeker ATAÝEWA
Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar