Bilim bermegiň täze mümkinçilikleri

5 Ýanwar 2021
1821

Giň göwrümli hem-de aýdyň maksatly beýik işleriň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak üstünlikli amala aşyrylýar. Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlarynyň açylmagy, bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ynsanperwer we takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini çözmek meseleleri netijeli häsiýete eýe bolýar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Elektron resminama hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşi we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Kanunlara we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, milli we halkara derejeli ýokary okuw mekdeplerinde sanlylaşdyrylan ulgam esasynda geçilýän sapaklar netijeliligi, mazmuna baýlygy we gyzyklydygy bilen tapawutlanýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ähli pudaklara sanly ulgama geçmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa baglylykda ýurdumyzyň ähli bilim edaralary, orta, ýörite orta, ýokary bilim mekdepleri iň ösen tehnologiýalar, multimedia enjamlary, elektron kitaphanalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi üçin, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ilkinji nobatda bu ulgamyň ösüşiň täze derejelerine çykmagyna gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzyň okamagy üçin ähli şertleri döretmeli. Bu işe olary doly taýýarlamaly. Şu jähetden ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanda sanly bilim ulgamynda täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, durmuşa ornaşdyrmagy maksat edinýän işler toplumlaýyn alnyp barylýar. Bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gory döredilýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny elektron maglumatlar bilen üpjin etmek, sanly serişdeleriň ulanylyş mümkinçiligini yzygiderli giňeltmek netijesinde bilim bermegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ruhy gymmatlyklarymyzy, milli terbiýäni hem-de ylmyň täze gazananlaryny utgaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň giň gerimli bilim syýasatynyň esasy wezipesidir. Biz bilim ulgamynyň işgäri hökmünde her bir sapagymyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny giňişleýin ulanmak bilen, döwrüň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys.

Gül KURBANOWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar