Balyň peýdasy

2 Ýanwar 2021
1767

Gadymyýetiň akyldarlary we lukmanlary ynsan ömrüniň uzaldylmagynda balyň ähmiýetiniň biçak uludygyny belläp geçipdirler. Statistiki maglumatlara görä, bal tutýanlar beýleki hünärdäki adamlardan köp ýaşaýarlar, seýrek syrkawlaýarlar, iş ukybyny uzak wagtlap saklaýarlar. Şu ýerde ýene bir bellemeli möhüm zat — bal tutýanlar hiç haçan elhenç düwnük keseli bilen kesellemeýärler. Munuň sebäbini alymlar şeýle düşündirýärler: birinjiden, balary idedilýän ýeriň özboluşly mikroklimaty bar. Bu bolsa ynsan bedeniniň bekemegine ýaramly täsir edýär. Bu ýeriň howasy diňe bir arassa bolman, jana şypa berijidirem. Gülleriň, balyň, mumuň, ary ýeliminiň, gül tozgajygynyň ysyna eýlenen howadan ganyp işleýän balçy ne ýadawlyk duýýar, ne-de ysgynsyzlyk. Jana ýaramly howa adam bedenindäki ähli ýagdaýlary sazlaýjy wezipesini ýerine ýetirýän beýniniň bardasyna oňaýly täsir edýär.

Geçmişde yzygiderli bal iýip, uzak ýaşa ýetenleriň sany ýüzlerçe, müňlerçe. Bal idedijiler Mejit Adtem we Wera Minkina 101, Ýurdal Akima 103, Maksim Medow 105, Ajy Amet 106, Fýodor Fionow 115, Artýom Lagnaşwili 150 ýaşap geçipdirler. 144 ýaşan Wasiliý Tişkin, 130 ýaşan Foma Wožnýak, 166 ýaşan Gunakbeý Gaziýew, 147 ýaşan Hansimurad Dadaýew, 150 ýaşan Mahmyt Eýwazow bal tutmak bilen meşgullanypdyrlar. Wasiliý Tişkine 143 ýaşyndaka kliniki taýdan barlag geçirilende, onuň gan basyşy simap sütüniniň 110/63 mm barabar bolupdyr. Bal idediji, 150 ýaşly Mahmyt Eýwazow arassa howada zähmet çekmegi ömrüňi uzaltmagyň iň gowy usuly hasaplapdyr.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar