Janypkeş zenan

6 Noýabr 2024
323

Halkymyz çagalara bilim, edep-terbiýe berýän adamlara belent sarpa goýýar. Perzendiň ýedi atasynyň biri hasaplanylýan mugallymlar tutuş jemgyýetiň öňünde uly hyzmatlary bitirýärler. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti arkaly halkyň, ýurduň geljeginiň binýady tutulýar. Şol sebäpli bilim işgärleri özleriniň jogapkärli wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek, döwrebap nesilleri kemala getirmek işinde döredijilikli zähmet çekýärler. Ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ähli gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny sarp edýänler barada gürrüň gozgalanda, ilkinjileriň hatarynda Baýramgül Ýaýylowanyň adyny hem agzasymyz gelýär.

— Bilim işgäri bolmak çagalyk arzuwymdy. Bu abraýly kesbe söýgini ilki ene-atam, soňra mekdep mugallymlarym döredipdi. Şol sebäpli orta mekdebi tamamlap, mugallym bolmak barada eden arzuwymy hasyl etmäge girişdim — diýip, ol geçen ýyllaryň wakalaryny hakydasynda janlandyrýar.

Akmyrat ALLABERENOW,
Saýat etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň ýokary derejeli bedenterbiýe mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar