Aýdyň maksatlar rowaçlanýar

29 Oktýabr 2024
545

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ýeten belent sepgitleriniň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklary bilen däl-de, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen kesgitlenýändigi dogrusynda aýratyn nygtalýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň turuwbaşdan milli bilim ulgamynyň işini hil babatda dünýä ülňülerine laýyk getirmekdäki taýsyz tagallalarynyň çuňňur mazmunyny aýdyň görkezýär, sebäbi şeýle aladalaryň netijesinde, berkarar Diýarymyz hem bu ugurda kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Ýurduň egsilmez kuwwaty bolan ýaşlarymyza döwrebap bilim almak, saýlan hünäriniň eýesi bolmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň özgertmelerine aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda şeýle belledi: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalary açmagy hem möhüm wezipeleriň biri hasaplaýarys». Bu çuňňur manyly sözler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň täze ösüşleri, belent sepgitleri nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Malika JUMAGULYÝEWA,
Türkmenbaşy şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar