Angliýaly halkara derejeli grossmeýster Naýjel Şortuň myhman bolmagy ýakynda küşt boýunça geçirilen Türkmenistanyň kubogyna gatnaşyjylar üçin ýakymly täzelik boldy. Ýaryşlaryň belli bir bölegine dünýäniň wise-çempionynyň özi hem gatnaşyp, sport ýolundaky kuboklarydyr medallarynyň üstüni Türkmenistanyň kubogynyň altyn medaly bilen ýetirdi.
Küştüň nusgawy, rapid we blis görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar bir hepdeläp dowam etdi. Onuň agramly bölegini nusgawy görnüş boýunça geçirilen ýaryş eýeledi. Ýaryşa gatnaşyjylar «A» we «B» toparçalarda çykyş edip, birinji toparçada ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleri bäsleşdier. «A» toparça 50, «B» toparça bolsa 235 küştçi wekilçilik etdi.