Parahatçylyk taglymaty

8 Oktýabr 2024
323

Toý-toýa ulaşsa, şatlygyň goşalansa, parahat, abadan, ösüşe beslenýän Watanyňa söýgiň, bagtyýar durmuşyňa buýsanjyň hem şüküriň, eşretli geljegiňe ynamyň, ýaşaýşa höwesiň artýar. Ýaňy-ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň toýlanan günleri halkymyzyň ruhuny has-da belende göteren şatlykly wakalara beslendi.

Baýramçylyk günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylhamly kalbynyň joşgunyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy gymmatly serpaý bolup, kalbymyzy heýjana saldy.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar