Halk demokratiýasynyň döwrebap nusgasy

23 Sentýabr 2024
444

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli künjeginde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralardyr maslahatlarda täze taryhy döwürde halk demokratiýasynyň binýatlarynyň barha berkidilýändigi aýdyň şöhlelenýär. Il-günüň, ata Watanyň ykbalyna, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna dahylly wajyp meseleleriň ýerine ýetirilmegi, möhüm wezipeleri halk bilen maslahatlaşmak, halka sala salmak ýaly asylly dessur merdana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýar.

Munuň hakykatdan hem şeýledigine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýen parasatly sözlerinden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu wekilçilikli edaranyň döredilmeginiň esasy maksady hem ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen döwletlilik, halk häkimiýeti babatdaky milli ýörelgeleriň dabaralandyrylmagyndan, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere esaslanyp, raýat jemgyýetini döretmekden ybaratdyr.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar