Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym

23 Sentýabr 2024
461

Golaýda Boldumsaz etrap häkimliginiň, oba hojalyk pudagyna degişli edara- kärhanalaryň, medeniýet, bilim bölümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çäşembaý Samaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemow, TDP-niň etrap komitetiniň bölüm müdiri Şatlyk Abdyrahmanow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Çary Kakabaýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bagtyýarlygyň nurana menzillerinde durmuşymyza ornan ajaýyplyklaryň dowamly gerimi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösüşleriň täze rowaçlyklary bilen öňe alyp gitmek, halkymyzyň medeni we maddy durmuşyny barha gowulandyrmak barada edýän taýsyz tagallalary barada bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlaryny wysal edendigini nygtadylar. Garaşsyzlygyň halkymyza öz pikir-düşünjelerini, türkmençilik ýoluny, müňýyllyklardan bäri sünnäläp gelýän ýörelgelerini dünýä wagyz etmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilik açandygy barada uly buýsanç bilen aýdyldy.

Ýusup JUMAKOW,
TAP-nyň Boldumsaz etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar