Ykdysady galkynyşyň möhüm şerti

16 Sentýabr 2024
33

Mälim bolşy ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat hem-de «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly sergi üstünlikli geçirildi. Munuň özi ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşen hem-de kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertleriň bardygyny görkezýär.

Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen foruma dünýäniň ösen döwletleriniň, şol sanda ýurdumyzyň hem ýaş alymlary işjeň gatnaşdylar. Forum innowasion tehnologiýalar, himiýa senagaty we işewürlik babatynda öňdebaryjy kompaniýalary birleşdirip, biz — ýaşlarda täze gyzyklanmalary döretdi.

Merjen KÜRENOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy.
Beýleki habarlar