Ykdysady ösüş üçin netijeli meýdança: Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

13 Sentýabr 2024
360

Her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşi parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistanda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçirilmegi, onuň bilen ugurdaşlykda serginiň guralmagy, şeýle-de iri işewürlik çäresiniň çäklerinde Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek maksady bilen guralan halkara maslahat hem-de sergi bellenmäge mynasypdyr.

«Nesil».
Beýleki habarlar