Ene dilim — eziz dilim

8 Sentýabr 2024
645

Dil ynsana özüniň gören, eşiden zatlaryna bolan garaýşyny, hatda näzik duýgularyny beýan etmäge mümkinçilik berýär. Söz diliniň üm-yşarat arkaly düşünişmekden artykmaçlyklary mundan müňlerçe ýyl ozal ýörite dil hakdaky ylmyň döremegine sebäp bolupdyr. Ene dilimiziň köp asyrlyk baý taryhy bar. Türkmen dili özüniň zatlary atlandyrmak, olar hakdaky aň-düşünjäňi beýan etmek, başgalar bilen pikir alyşmak, durmuşdaky nogsanlyklary sözüň kömegi bilen düzetmek, adamzat gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak, ata-babalarymyzyň durmuş tejribesini, pähim-paýhasyny geljekki nesillere ýetirmek ýaly jemgyýetçilik hyzmatlaryny iki görnüşde: sözleýiş dili hem-de ýazuw dili görnüşlerinde ýerine ýetirip gelýär. Halkymyz öz ene diliniň milli özboluşlylygyny saklap gelipdir. Onuň sözlük düzüminiň baýdygy, grammatik gurluşynyň kämildigi, labyzlylygy, täsirliligi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Şu jähetden-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmekde birnäçe konsepsiýalar bilim we terbiýeçilik işlerinde giňden ulanylýar. Şeýle hem «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Maksatnamanyň esasy maksady mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrebap tehnologiýalar arkaly kämilleşdirmekden, çagalara bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmakdan we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň geljekki ösüşini üpjün etmekde ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, bäsleşige ukyply, ýokary medeniýetli sagdyn nesli kemala getirmegi üpjün etmäge ýardam edýär.

Amanbaý AÝJYKOW,
Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň hasapçysy.
Beýleki habarlar