Ýürek buýsanjymyz çäksizdir

4 Sentýabr 2024
53

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek babatda bolsa, döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebi bu babatda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebimiziň 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze binalar toplumy watançy ýaşlary ýetişdirmek, geljekde ýurt asudalygyny gorajak serkerdeleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler bilen üpjün edilipdir. Toplumyň binalarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrüň öňdebaryjy bilim tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagy, giň hem-de multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen ýagty otaglary harby gullukçylaryň, şol sanda ýaş watançylaryň bilim almaga, Watanymyzy söýmäge, onuň her daban ýerini gözümiziň görejine deňäp goramaga ruhlandyrýar. Bu mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watan goragçylarynyň täze nesline bildirýän belent ynamyndan nyşandyr.

Hajymyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, maýor.
Beýleki habarlar