Ak arzuwlaryň wysaly

4 Sentýabr 2024
59

Kiçijik uçgunjyklardan dörän arzuwlaryň hasyl bolşuna gözli şaýat bolmak diýseň täsirli hem ýatda galyjy pursat. Elbetde, arzyly kitaplaryň gatlaryna ýazylan arzuwlaryň amala aşmagy her bir ynsan üçin täze durmuş, täze sahypa. Başgaça aýdanymyzda, ynsanyň arzuwlaryna sary ilkinji gadam. Ynha, ilkinji ädimler bilen arzuwly hünärine gadam basan bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, geljekki serhetçi serkerdelerimiz ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy uly buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolanyňda, asuda, parahat ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýaşlara göwün söýen hünärlerinde, döwrebap, häzirki zaman ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilen şertler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Ynha, biz hem ylma-bilime uly üns berilýän ýurdumyzda köňül beren hünärine gadam basan bagtyýar ýaşlaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik.

Gurban ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 1-nji ýyl harby talyby:

Ýazga geçiren Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar