Ylymlar ummanyny gulaçlap

4 Sentýabr 2024
78

Halkymyz çaga terbiýesine çynlakaý üns berýär. Munuň özi nurly ertir, röwşen geljek hakyndaky il-ýurt bähbitli meselelerden gözbaş alýar. Eždatlarymyz çaga bilim we edep-terbiýe berýän adamy onuň atalarynyň biri hasaplap, oňa belent sarpa goýupdyrlar. Şeýle ajaýyp garaýyş asyrlardan, heňňamlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Ata Watanyň geljekki ykbaly bilen bagly meseläni hormatly Prezidentimiz üstünlikli amala aşyrýan parasatly syýasatynda mydama ileri tutýar. Döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmek, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli, dörediji we gujurly ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmak ugrunda «mugallym» diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmatyna uly hormat goýýarys» diýip belleýär. Şeýle belent ada mynasyp bolup, talyp ýaşlara bilim bermekde döredijilikli zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de biziň ýokary okuw mekdebimiziň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatowdyr.

Süleýman BAÝRAMGELDIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar