Akyldar şahyryň hormatyna täze mekdep binasy bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr

4 Sentýabr 2024
68

Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Şygryýet äleminde meşhur şahsyýetleriň biri bolup orun alan, dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösüşine uly täsirini ýetiren Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk raýonyndaky türkmenleriň ýaşaýan Edelbaý obasynda, Astrahanda, Kiýewde, Özbegistanyň Daşkent we Hywa şäherlerinde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler bina edildi. 4-nji iýulda Magtymguly Pyragynyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns gönükdirilýär, bu nurana işlerde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem hatyralanýandygy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açylyp, ulanmaga berildi. Bu mekdebiň açylyşyna Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşdy. Täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hem-de Täjigistanyň Prezidentiniň göni aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ak pata bermekleri iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhynda nusgalyk wakalaryň biri bolup galar.

Bahargül HANBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar