Ruhubelentlige beslenen dabaralar

4 Sentýabr 2024
60

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçildi. Şanly sene mynasybetli bilim ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolan dabara gatnaşan bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy watançy esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mekdepdäki nurana ýadygärligine gül goýup, ilhalar ynsanyň ruhuna tagzym etdiler.

SURATLARDA: Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolan dabaradan pursatlar.
Beýleki habarlar