Sa­turn bir ko­me­ta­ny Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na çykardy

9 Awgust 2024
448

Ast­ro­nom­lar go­laý­da örän seý­rek duş gel­ýän kos­mi­ki ha­dy­sa­ny anyk­la­dy­lar. Gün ul­ga­my­nyň ikin­ji uly pla­ne­ta­sy bo­lan Sa­turn özü­ne go­laý­lap gel­ýän ko­me­ta­ny Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na çy­ka­ryp goý­ber­di. Şeý­le ha­dy­sa mun­dan ozal 1980-nji ýyl­da ha­sa­ba al­nyp­dyr. Ast­ro­nom­lar il­ki Sa­tur­na ta­rap, soň­ra bol­sa, Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na ta­rap he­re­ket ed­ýän as­man ji­si­mi­ni anyk­la­dy­lar. «Comet A117uUD» diý­lip at­lan­dy­ry­lan bu ko­me­ta 14-nji iýun­da Ga­wai­dä­ki Ast­ro­no­mi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň AT­LAS at­ly ul­ga­my ta­ra­pyn­dan anyk­la­nyp­dyr. NA­SA ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ry­lan AT­LAS ul­ga­my­na de­giş­li je­mi dört te­les­kop bar. Ola­ryň iki­si Ga­wai ada­syn­da, bi­ri Çi­li­de, ýe­ne bi­ri Gü­nor­ta Af­ri­ka­da ýer­leş­ýär. Ast­ro­nom­lar ko­me­ta­nyň he­re­ket­le­ri­ni yza sa­ra­dyp gö­ren­le­rin­de, as­man ji­si­mi­niň 2022-nji ýyl­da Sa­turn pla­ne­ta­sy­na ba­ryp ýe­ten­di­gi­ni we pla­ne­ta­nyň dar­tyş güý­ji bi­len ko­me­ta­ny sa­gat­da 10 müň 700 ki­lo­metr tiz­lik bi­len «zy­ňyp» goý­be­ren­di­gi­ni anyk­la­dy­lar.

Mun­dan ozal 1980-nji ýy­lyň 9-njy de­kab­ryn­da «Comet C/1980 E1» at­ly ko­me­ta Ýu­pi­ter pla­ne­ta­sy ta­ra­pyn­dan Gün ul­ga­my­nyň da­şy­na goý­be­ri­lip­di.

Beýleki habarlar