Kadaly iýmitlenmek

1 Awgust 2024
176

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek hem fiziki taýdan işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek adam bedeniniň goraglylygyny üpjün edýär.

Dünýäde semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýilýän iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny mümkin boldugyndan çäklendirmelidir.

Sahid ANNANEPESOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar