Sagdynlygyň berk binýady

30 Iýul 2024
262

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Şu nukdaýnazardan, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurda dünýä nusgalyk işler bitirilýär, belent sepgitlere ýetilýär. Raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, adamyň ömrüni uzaltmak ýaly möhüm wezipeler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Döwletimizde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga, raýatlary ýokary derejeli we oňat hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda saglygy goraýyş ulgamynyň işi kämilleşdirilip, halkara ülňülerine laýyk getirilýär.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň müdiri, dosent.
Beýleki habarlar