Zehin uçgunlary

26 Iýul 2024
419

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bir hatarda medeniýet ulgamynda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekdi.

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda açyldy. 1965-nji ýylda mekdebe Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň ady dakylýar. Şu geçen ýyllaryň içinde mekdebimizde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan türkmen nakgaşlarynyň, heýkeltaraşlarynyň ençemesi bilim aldy.

Öwezgeldi ÝAGMYROW,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar