Ýokanç kesellerden ägä boluň!

26 Iýul 2024
184

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýiti içege we ýokanç keselleriň öňüni alýar. Kesel hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitden we arassalanmadyk suwdan geçýär. Saglygy berkitmek üçin hökmany suratda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli.

Ýiti içege ýokançlary — ýokanç keselleriň uly toparyny öz içine alyp, iýmit siňdiriş ulgamynyň zeperlenmegi we içgeçme (diareýa) alamatlary bilen häsiýetlendirilýär. Ondan başga-da, ýürek bulanma, gaýtarma, garynda agyrynyň döremegi hem ýüze çykyp biler. Ýiti içege ýokançlary öz ýaýraýşy boýunça dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama kesellerinden soň ikinji ýerde durýar.

Mähri ARÇALYÝEWA,
Arkadag şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek bölüminiň epidemiolog lukmany.
Beýleki habarlar