Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär

25 Iýul 2024
188

Syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Durdiýew bilen Syýahatçylyk we sport ministri Ýermek Maržikpaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Tengrinews internet neşiri habar berdi.

Türkmen diplomaty Türkmenistanda sport we syýahatçylyk ugurlarynda durmuşa geçirilýän birnäçe başlangyçlar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Beýleki habarlar