Tebigat — biziň öýümiz

24 Iýul 2024
240

Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasynda «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýlip bellenilýär. Hereket edýän kanunçylyk Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ylalaşyklara we maksatnamalara goşulmagyny, şeýle hem olarda göz öňünde tutulan düzgünnamalary berjaý etmegini ýeterlik hukuk mümkinçiligi bilen üpjün edýär. Munuň üçin zerur bolan hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertleri döredilendir.

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenistanyň Tokaý, Türkmenistanyň Sanitariýa, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksleri, «Ekologiýa auditi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Tohumçylyk hakynda», «Däneçilik hakynda», «Uglewodorod baýlyklary hakyndaky», «Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaklyk hakyndaky», «Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ösümlikleriň karantini hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki degişli hukuk namalary kabul edildi.

Jennet ARAZOWA,
Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň uly prokurory, 1-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar