Şygryýeti — owaz, sazy — şahyrana

24 Iýul 2024
378

Magtymgulynyň poeziýasynyň many-mazmuna, obrazlara baýlygy, şeýle hem ýokary estetiki gymmaty Nury Halmämmedowyň duýgur ruhuna ýakyn bolup çykypdyr.

Türkmen diliniň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän we halk döredijiliginiň ruhy siňen Magtymgulynyň goşgulary öz gözelligi, dogruçyllygy, akgynlylygy, çeýeligi, pelsepesi bilen kompozitoryň döredijiliginiň geljekki ykbalyny we dünýägaraýşynyň giňligini kesgitläpdir. Onuň baý wokal mirasynda beýik Pyragynyň goşgularyna döreden wokal toplumy milliligi bilen göze ilýär. N.Halmämmedow Magtymgulynyň goşgularyna toplum ýazan ilkinji kompozitordyr. Ol bu toplumy baryp talyplyk ýyllary — 1959-njy ýylda başlap, 1963-nji ýylda tamamlapdyr. Awtor şahyryň şygyrlarynyň sekiz sanysyny saýlap, şolardan hem toplum döredýär. Bu ýerde biz mazmuny boýunça dürli-dürli, söýgi lirikasyndan başlap, filosofik we watançylyk temalaryna degişli goşgulary tapyp bileris.

Leýla BABAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar