Il sylamyş ol halypa hormatyn

24 Iýul 2024
217

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli mirasynyň täze belentliklere göterilen döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hut soňky birnäçe ýylyň içinde gadymy ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Olaryň arasynda halkymyzyň irki döwürlerden bäri belent sarpa goýup gelen dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty hem bar. Halkara derejesinde ähladamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungatynyň ýurdumyzyň gündogar sebitindäki ösüşli ýollary barada biz welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow bilen söhbetdeş bolduk.

— Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň we bagşyçylyk sungatynyň dünýä içre meşhurlygynyň artmagy bu kesbi öwrenmek isleýänleriň has-da köpelmegine hem, bagşyçylyga ýykgyn edýänleriň artmagyna hem uly itergi berdi. Söhbedimiziň başyny şu dogrusyndaky gürrüňden başlaýsak!

Söhbetdeş bolan Akmyrat ABDYLLAÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar