Alymlara uýsaň, açylar gözüň

24 Iýul 2024
210

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Dünýädäki ähli syrlaryň açary ylymda jemlenýär. Parasatly pederlerimiziň «Alym — ylym eýesi, jemgyýet — alym eýesidir» diýip belleýişleri ýaly, gadymy döwürlerden bäri jemgyýeti ösdürmekde, kämilleşdirmekde alymlaryň hyzmatyna uly orun berlipdir. Olara uly sylag-sarpa goýlupdyr.

Muňa halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlardyr hekaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. Aýdyşlaryna görä, kyýamatda Haktagala adamlardan hasap soranmyşyn. Şonda bir bendäniň günäsi sogapdan agyr gelipdir. Haktagala şonda Jebraýyldan sorapdyr:

Maýagözel ATABAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.
Beýleki habarlar