Zeňňibaba — tebigatyň iň gözel künjegi

23 Iýul 2024
230

Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy we onuň çäkli goraghanalaryna ýanaşyk ýerler tebigy gözelligi, ajaýyp görnüşi bilen islendik adamy haýran galdyrýar. Şeýle gözel künjekleriň hatarynda Zeňňibabanyň aramgähi ýerleşýän düzlügini, Akjagaýa çöketligini, Mergenaşan jaryny buýsanç bilen belläp bileris. Tebigatyň bu gözel ýerleri geografik ýerleşişi, landşafty, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýarlar.

Halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, birwagtlar bu ýerlerde Zeňňibaba atly keramatly adam ýaşap geçipdir. Ony gara mallaryň we öý haýwanlarynyň piri hasaplapdyrlar. Bu keramatly adam daş-töweregi dürli görnüşli otlardan, ösümliklerden bol bolan süýji suwly kölüň kenaryna golaý ýerleşýän üsti tekiz beýik depede oturyp, şol meýdanda sygyr bakypdyr. Şol beýik depäniň üstündäki uzynlygy 7 metre barabar bolan Zeňňibabanyň guburynyň biziň günlerimize çenli saklanyp galmagy gaty täsin. Häzir hem şol köl Zeňňibaba köli diýlip atlandyrylýar. Zeňňibaba Daşoguz welaýatynyň merkezinden 180 kilometr we Ruhubelent şäherçesinden 60 kilometr günorta-günbatarda, Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň etegindäki çöl giňişliklerinde ýerleşýär. Ol welaýatyň Ruhubelent we Boldumsaz etraplarynyň ätiýaçlyk ýerlerine degişlidir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar