Gaýduwsyz itaýy

23 Iýul 2024
248

Itaýylar (Mellivora capensis) — ýyrtyjylar toparyna, samyrlar maşgalasyna degişli haýwanlardyr. Bu jandar tebigatdan «Ýitip barýan görnüş» derejesi berlen haýwanlaryň biri. Şonuň üçin olar tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplarynyň sanawyna girizilendir.

Bu jandar meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, orta ululykdaky, kelle-aýaklary güýçli we berk penjeli haýwanlardyr. Ol torsuga çalymdaş bolsa-da, onuň ýüzi gysgarak we togalak, gulaklary bolsa örän kiçi. itaýylar örän çalasyn, özge ýyrtyjy haýwanlardan, ýylanlardan gorkmaýarlar, onuň hamy öte galyň we gorag üçin ýiti dişleri hem-de dyrnaklary bar. Ýene bilmeli gyzykly zatlaryň biri, olary zäherli ýylanlar çakandan soňra, bu jandar ölen ýaly ýatyp, 20 — 40 minut geçensoň, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, öz ugruna turup gidýär.

Akmyrat REJEBOW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň ekologiýa we ylmy bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar