Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

21 Iýul 2024
194

Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, di­kelt­mek hem be­jer­mek ug­run­da taý­syz ta­gal­la­lar edil­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýän Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň sa­ýa­syn­da be­ýik iş­ler giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ýar. Türk­men hal­ky he­mi­şe yn­san sag­ly­gy­na, sag­dyn dur­mu­şa uly üns be­rip ge­lip­dir. «Sag­ly­gym — baý­ly­gym», «Sag­ly­gyň gad­ryny bil­gil has­sa bol­maz­dan bu­run» di­ýen pä­him­ler hem mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da «Adam döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň iň gym­mat­ly ha­zy­na­sy­dyr» diý­lip yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da adam­la­ryň sag­ly­gy, bag­ty­ýar dur­mu­şy döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di.

Ýur­du­myz­da «Il sag­ly­gy — ýurt baý­ly­gy» di­ýen pä­him­den ugur al­nyp, jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ry ýok et­mek­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty pu­da­gy­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek­de ta­la­ba­la­ýyk iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ene­le­riň we ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ze­rur çä­re­ler gö­rül­ýär. Bu ugur­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ça­ga­lar­da köp duş gel­ýän ke­sel­le­ri ir­ki dö­wür­de anyk­la­ma­gyň, be­jer­me­giň tä­ze usul­la­ry esas­lan­dy­ryl­dy.

Eje­gül Ata­ýe­wa,
Baý­ra­ma­ly et­rap mer­ke­zi ki­tap­ha­na­sy­nyň I de­re­je­li ki­tap­ha­na­çy­sy, TMÝG-niň Baý­ra­ma­ly et­rap ge­ňe­şi­niň iş­jeň ag­za­sy.
Beýleki habarlar