«Üçýyldyzda tün sowar...»

20 Iýul 2024
305

Milli senenamanyň Üçýyldyz döwri 22-nji iýulda başlanyp, 12-nji awgusta çenli dowam edýär. Göräýmäge, onçakly uzaga çekmese-de, bu döwür 20 günüň içinde daýhana-da, maldara-da synag baryny görkezipdir. Howa biçak gyzyp, jöwzaly günleriň hatar gurap gelmegi, epgekli ýelleriň birsyhly öwsüp durmagy köp ekinlere zyýan ýetirip bilipdir. Olaryň has ejizleri saralyp, sapagyndan üzülýär. Bu ýagdaý gök we bakja ekinlerinde, subtropik ekin bolan limonda has-da äşgär bolýar. Şu döwürde ýagdaýy bolsa, ekinleri suwsatman saklajak bolmaly. Yzgary ýetik ekin reňki saralsa-da, düwen hasylyny saklagan bolýar. Aýratyn-da, gowaçanyň güllere basyrylýan bu döwründe gözegçiligi berkitmeli. Ýogsam, ol aňyrsy 3-4 günüň içinde ep-esli hasylyny döküp bilýär.

Ata-babalarymyzyň «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda gün sowar» diýen sözüniň manysyny tirsek, Üçýyldyz döwründe howa gündizlerine gyzsa-da, gije çyg düşüp, sowap başlandygyny, ýöne öňde Ýaldyragyň bardygyny ýatladýar. Bu barada «Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny» diýlen aýtgyny hem döredipdirler. Howanyň çakdanaşa gyzmagy käbir ösümliklere özüniň gowy täsirini-de ýetirýär. Mysal üçin, Amyderýanyň iki kenarynda biten gamyşdyr hyşa örän çalt ösýär. Toraňňylaryň-da ýapraklary göm-gök öwsüp, sähel ýele özboluşly owaz edýärler. Buýanyň gülüniň hoştap ysy bolsa has-da özüne çekiji. Derýa ýakyn ýerlerde yzgara ekilen gawun-garpyzlaryň tagamy juda süýjeýär. Sebäbi hut şeýle tebigy tagamy yssy howa döredýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar