Baş baýlygyň goragynda

19 Iýul 2024
252

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda işlenip düzüldi we netijeli durmuşa ornaşdyryldy. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, halkymyz ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilip, ilatyň saglygyny berkitmek, ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmak babatynda netijeli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen bejeriş hyzmatlaryny etmek maksady bilen, ýurdumyzda birnäçe halkara derejeli saglygy goraýyş edaralarynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we welaýat merkezlerinde iň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan anyklaýyş we bejeriş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar