Maşgalanyň berkligi — jemgyýetiň abadanlygy

19 Iýul 2024
303

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini hem-de jebisligini berkitmekde maşgalanyň paýy uludyr. Şonuň üçin ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny sazlaýan, onuň abadançylygyny üpjün edýän hukuk esaslary hem hereket edýär. Türkmenabat şäher kazyýetinde raýatlara maşgala we maşgala gatnaşyklary, hukuklar we borçlar hakynda hereket edýän kanunlar boýunça yzygiderli düşündirişler berlip durulýar.

Ýakynda hem maşgala gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmäge, maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen kämil hukuk resminamalary barada giňişleýin düşündirişler berildi. Onda maşgalanyň türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýandygy, maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleriniň kemala gelýändigi we dürli meseleleriň çözülýändigi, olaryň kanuny goraglylygynyň kepillendirilýändigi, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmagy barada döwletimiziň edýän aladalary barada giňişleýin aýdyldy. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da sagdyn ösýär. Milli kanunçylygymyz türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamak we berkitmek maksady bilen yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda maşgala, eneler we çagalar döwlet tarapyndan goralýar. Maşgalanyň döwlet tarapyndan goralmagy diňe bir durmuş goldawyny däl, eýsem, hukuk goragyny-da öz içine alýar. Maşgalalaryň, aýratyn-da, ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylýar. Durmuş-ykdysady we ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmekde ýaş maşgalalara maddy hem-de gaýry kömekler berilýär. Maşgala gatnaşyklaryny sazlamaga degişli hukuk resminamalarynyň uly topary hereket edýär.

Aýsoltan ALLANAZAROWA,
Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar