Dogry iýmitlenmek

18 Iýul 2024
195

Sagdyn ýaşaýşyň üpjün bolmagynda dogry iýmitlenmek wajypdyr. Ekologiýa taýdan arassa tebigy önümlerden kadaly iýmitlenmek adamlaryň saglygyny we ýokary işjeňligini saklamak üçin, çagalaryň bolsa sagdyn ösmegine hem-de kämilleşmegine zerur bolan şertdir. Elbetde, sagdyn ösmek we ýaşaýyş üçin bedene zerur mukdarda beloklar, ýaglar, uglewodlar hem-de mineral duzlar möhümdir. Nädogry iýmitlenmek ýürek-damar, iýmit siňdiriş ulgamynyň,  keselleriniň, madda çalşygynyň bozulmalaryna getirýän keselleriň döremegine sebäp bolýar.

Nahar bişirilende arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Azyk önümlerini gowy ýuwmaly. Bularyň hemmesi biologik hapalaýjy maddalaryň, mikroblaryň adam bedenine düşmezligini üpjün edýär.

Şanazar GADAMOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar