Gülle, medeniýetim, sungatym meniň

17 Iýul 2024
626

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek ugrunda uly alada edilýär. Rowaçlygyň nurana ýoluna düşen milli medeniýetimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha ösýär, kämilleşýär. Muny ýurdumyzyň çar künjeginde döwrebap medeni ojaklarda ýola goýlan medeni hyzmatlarda, medeniýet we sungat işgärleriniň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda edilýän aladalaryň oňyn netijelerinde hem aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň medeniýetini we sungatyny ösdürmek, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, halka ýetirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýyl döredijilik bäsleşikleriniň, aýdym-saz festiwallarynyň geçirilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, Diýarymyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýäde giňden tanalmagyna mümkinçilik berýär.

Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni döwlet derejesinde uly dabara bilen bellenilýär, Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde örän guramaçylykly we dabaraly geçirilmegi halkymyzyň buýsanjyny has-da belende göterdi.

Selbigül MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar