Bilim ulgamyndaky jogapkärli işler

17 Iýul 2024
249

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerine Tejen etrabynda aýratyn jogapkärli çemeleşilýär. Şu günler etrapdaky orta mekdeplerde ýeňil we düýpli abatlaýyş işlerine uly üns gönükdirilýär. Çünki bilim ojaklaryny abatlamak, okuw otaglaryny talabalaýyk görke getirmek we döwrebap görkezme serişdeleri bilen üpjün etmek täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerinde ähmiýetli bolup durýar.

Mekdep mugallymlary bilim işgärleriniň awgust maslahatyna hem häzirden taýýarlyk görýärler. Öňde duran maslahatda geçen okuw ýylynyň netijeleri seljerilip, wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Galyberse-de, Bilimler we talyp ýaşlar gününde ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlejek 6 ýaşly çagalary hasaba almak işlerine hem uly ähmiýetiň berilýändigini bellemelidiris.

Myrat ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar