Ýaşlar üçin döwrebap mümkinçilikler

16 Iýul 2024
638

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekmegi bilen baglylykda, şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi ýaýbaňlandyrylan derejede dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu möhüm we jogapkärli çäräni ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin döwletimizde netijeli işler amala aşyrylýar.

Kerimberdi NIÝAZMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar