Milli terbiýe — asylly ýörelge

16 Iýul 2024
525

Çagalar biziň öýümiziň, kalbymyzyň bezegidir. Çünki çagalar biziň geljegimizdir. Şonuň üçin olary akylly-başly, watansöýüji, iline-gününe, ene-atasyna wepaly edip ýetişdirmek her bir ata-enäniň mukaddes borjy bolup durýar.

Biziň «Çaga — dowamat-dowam», «Bal süýji, baldan-da bala süýji», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly başga-da birnäçe pähim-parasatlary döreden halkymyz bar. Nesilbaşymyz Oguz hanyň geçen ömür ýoluna, «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ser salanyňda hem munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Arazbagt ATAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.
Beýleki habarlar