Amul — Merw aralygyndaky kerwensaraýlar

16 Iýul 2024
352

Yklymlary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde Merkezi Aziýanyň çäginde Amyderýanyň goşandy bolan Zerewşan derýasynyň ýokary akymlaryndan başlanyp, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Amul galasy bu üç ýurduň «Beýik Ýüpek ýoly: «Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly bilelikdäki hödürnamasy esasynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun alan 31 sany taryhy ýadygärligiň biridir. Şu mynasybetli ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25-26-njy aprelinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasynyň, Amul — Merw ugrundaky kerwensaraýlaryň taryhyny hem-de beýleki gadymy ýadygärliklerimizi öwrenmäge ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde hem möhüm ähmiýete eýe boldy.

Orta asyrlarda Merkezi Aziýanyň iň möhüm şäherleri Amul hem-de Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, olaryň ilaty ussaçylyk, dokmaçylyk we bu önümleriň söwdasy bilen meşgullanypdyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eserinde: «Gündogardan Günbatara gidýän ýollaryň esasy ygtybarly geçelgesi, şeýle-de Buharadan Merwe barýan iň gysga ýol Amulyň üstünden geçipdir» diýip bellemek bilen, şol şäherleriň täjirleriň we söwda kerwenleriniň amatly geçelgesine hem-de güzergähine öwrülendigine ünsi çekýär.

Meretgeldi BAÝJANOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar