«MSC» dünýäniň deňiz boýunça konteýner daşamak bazarynyň bäşden birine eýelik edýär

11 Iýul 2024
580

«MSC-niň» global konteýner daşamak bazaryndaky paýy 20 %-e ýetdi. Ol 2018-nji ýyldan bäri bazaryň bäşden birini eýelän ilkinji konteýner ugrudyr. Alty ýyl ozal bu paý şeýle derejäni bary-ýogy birnäçe aýlap saklap bilýän «Maerske» degişlidi. Bu barada «Alphalineriň» maglumatlaryna salgylanýan «Splash» habar berýär.

6 million TEU-lyk bellige ýetmek üçin «MSC-de» Megamax tapgyrynyň diňe bir konteýner gämisiniň mümkinçiligi, ýagny 24000 tonna gämi ýetmezçilik edýär. Seljerijileriň çaklamalaryna görä, «MSC-niň» 2025-nji ýylda göterijilik ukyby geljek ýylyň fewral aýynda resmi taýdan işe başlajak «Maersk» we «Hapag-Lloýd» tarapyndan döredilen «Gemini» bileleşiginiň flotuna deň bolar.

Beýleki habarlar