Medeniýetiň mertebesi

8 Iýul 2024
656

Medeniýet halkyň kalbydyr diýilýär. Bu dogrudyr. Medeniýet hereketlendiriji güýçdür diýilýär. Bu-da dogrudyr. Eýsem, bir wagtyň özünde halkyň hem kalby, hem hereketlendiriji güýji bolup durýan medeniýet nämedir? Onuň başga-da häsiýetlendirilişi barmydyr? Bar.

Medeniýet diýen düşünje şeýle bir giň welin, bir ujy ýedi gat ýeriň jümmüşine direse, beýleki ujy iň ýokarky gatlagyna çykýar. Ýeriň we arşyň aralygynda durup, gollaryny gerse welin, ol bütin Ýer şaryny gurşap alar. Aýagyny ýere urup, depesini äleme direýän bolsa, belki, ol beýleki planetalara-da täsirini ýetirýändir. Muny häzirlikçe kesgitli aýtmak kyn. 1969-njy ýylyň tomsunda amerikan kosmonawtlary Nil Armstrong bilen onuň ýoldaşy Bazz Oldrin ikisi ilkinji gezek Aýa gadam basdy. 2 sagat 31 minut 40 sekunt — ine, olaryň Aýda bolan wagtlary. Bu, elbetde, uly edermenlik. Adamzadyň durmuşynda ägirt uly ädim bolan bu waka bilen baglylykda başga bir zada ünsüňizi çekmekçi bolýarys.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.
Beýleki habarlar