SEÝILBAGLARYŇ ŞÄHERI

4 Iýul 2024
347

Günorta-günbatarynda gojaman Köpetdag, demirgazyk-gündogarynda bolsa Garagum derýasy ýerleşen Aşgabat şäheriniň örän amatly tebigy şertleriniň, hoştap howasynyň, hasylly topragynyň bolmagy mermer şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmäge mümkinçilik döredýär. Paýtagt şäherimizde köp ýyl ýaşan taryhy baglaryň bolmagy onuň ekologiýa taýdan amatly ýerleşýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Şäherimiziň taryhy ýerlerinde 100 ýaşdan geçen baglaryň ençemesi hasaba alnandyr. Köp ýyl ýaşan baglaryň arasynda çynar agajyny, tut agajyny, glediçiýany, ýapon saforasyny, dagdan we arça agaçlaryny görkezmek bolar. Ýüz ýyl ýaşan baglar botaniki ýadygärlikleriň  sanawynda durýar.

Ogulbagt ORAZDURDYÝEWA
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar