Taryhyň ajaýyp ýadygärligi

3 Iýul 2024
396

Orta asyr binagärliginiň gaýtalanmajak nusgasy bolan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy baradaky gymmatly maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaplarynda beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaba uly hormat goýýan halkymyzyň eline gowşan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hem taryhy gadymy, şöhraty müdimi Änew şäherine bagyşlanylan ajaýyp eserdir. Bu kitap ýaşlarda şöhratly taryhymyza buýsanç döredip, watansöýüjilik ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Adamzadyň gadymy medeni-taryhy ähmiýetli merkezleriniň biri bolan Änew şäherinde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy dünýäniň täsin binagärlik-arheologik mirasy hasaplanýar. Bu ýadygärlik orta asyr binagärlik desgalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Seýit Jemaleddin taryhy ýadygärlikler toplumy XV asyrda bina edilip, gurluşy boýunça ajaýyp binagärlik sazlaşygyny emele getiripdir.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
Beýleki habarlar